3 Eşiden we bilen zatlarymyzy, atalarymyzyň bize aýdanlaryny.
3 Эшиден ве билен затларымызы, аталарымызың бизе айданларыны.
Ýakubyň ähli ogullarydyr gyzlary gelip, oňa göwünlik berjek boldular, emma oňa göwünlik berip bilmediler. Ýakup: «Şu hasratym bilen ölüler dünýäsindäki oglumyň ýanyna gitjek» diýdi. Şeýdip, kakasy Ýusubyň ýasyny tutmagyny dowam etdirdi.
Hudaýyň saňa berýän tesellileri kemlik edýärmi? Hoşamaý söz ýeterlik dälmi ýa saňa?
Çünki Hudaýdan geljek betbagtçylykdan gorkdum, beýikliginden ýaňa Onuň huzurynda durup bilmezdim.
Çünki Gudratygüýçliniň oklary içimde, ruhum olaryň zäherini içýär, Hudaýyň howplary garşyma hatarlanan.
Şonuň üçinem ümsüm boljak däl, janymyň ýangyjyna geplejek, ajy hasrat bilen şikaýat etjek.
Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene Oňa – Halasgärime we Hudaýyma öwgi aýdaryn.
Sensiň meniň Patyşam hem-de Hudaýym. Ýakup üçin ýeňişleri Sen buýur.
Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.
Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdandyr meniň gutulyşym.
Köňül aşygymy gije düşegimden agtardym; gözläp tapmadym ony.
Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.
Meni howp astyna salma, betbagtlyk güni penakärim Sensiň.
Meniň janym rahatlygy unutdy, şatlygyň nämedigi ýatdan çykdy.
Öz günäleri üçin jezasyn alsa, diri galan adam näme üçin zeýrensin?