Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 77:2 - Mukaddes Kitap

2 Men size tymsal aýdyp bereýin, gadymyýetiň syrlaryny beýan edeýin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Мен сизе тымсал айдып берейин, гадымыетиң сырларыны беян эдейин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 77:2
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.


Ýakubyň ähli ogullarydyr gyzlary gelip, oňa göwünlik berjek boldular, emma oňa göwünlik berip bilmediler. Ýakup: «Şu hasratym bilen ölüler dünýäsindäki oglumyň ýanyna gitjek» diýdi. Şeýdip, kakasy Ýusubyň ýasyny tutmagyny dowam etdirdi.


Eger ýurtda açlyk ýa gyrgyn keseli bolsa, epgek, ygaldan çüýremeklik, çekirtge ýa-da gurçuk peýda bolsa, eger duşmanlary öz islendik galalarynda olara sütem etseler, nähili bela, nähili kesel bolsa-da,


Ýüregiňi Oňa bagyşlap, elleriňi Hudaýa tarap uzatsaň,


Gün gelin jaýdan giýew dek çykýar, ylgamakçy bolýan ýüwrük kimin şatlanýar.


Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Olar ýaman niýetlerinden asla dänmeýär, gizlin duzaklary gurmak üçin dil birikdirýär, «Olary görjek barmy?» diýip oýlanýar.


«Meniň ähli gözbaşlarym Sionda» diýip, bagşylar we tansçylar biragyzdan aýdarlar.


Adamyň derdini ruhy çekip bilýär, ýöne synyk ruha kim çydam eder.


Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.


Gije kalbym Seni küýseýär, janym Seni çynlakaý yzlaýar, hökümleriň ýer ýüzündekä, dünýäniň bütin ilaty dogrulygy öwrener.


Reb şeýle diýýär: «Ramadan bir ses eşidildi, agy we ajy perýat sesleri, Rahel çagalary üçin aglaýar, teselli berilmegini islemeýär, çünki indi olar ýok».


Efraýym keselini, Ýahuda ýarasyny görende, Efraýym Aşuryň ýanyna gitdi. Beýik patyşadan ýardam isledi. Ýöne ol size şypa berip bilmez, ýaraňyza em etmez.


«Geliň, Rebbe dolanalyň. Ol bizi parçalady. Özi şypa berer. Bizi ýaralady. Indi ýaramyzy daňar.


Öýde Merýemiň ýanynda bolup, oňa göwünlik berýän ýahudylar onuň howlukmaç çykyp gidenini gördüler. Ol aglamak üçin mazara tarap barýandyr öýdüp, olar onuň yzyndan gitdiler.


Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ