Siriýalylar ysraýyllaryň goşunyndan gaçdylar. Dawut olaryň ýedi müň söweş arabaly esgerlerini hem-de pyýada goşundan kyrk müň adamy öldürdi. Ol siriýalylaryň goşunbaşysy Şobagy ýaralady; Şobak şol ýerde jan berdi.
Edil şol gije Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!
Reb bir perişde ýollap, Aşur patyşasynyň düşelgesinde ähli batyr ýigitleri, serkerdeleri we baştutanlary öldürdi. Şeýdip, Sanherip biabraýlyk bilen öz ýurduna dolanyp geldi. Ol öz hudaýynyň buthanasyna gelende, onuň özünden önen ogullarynyň käbiri Sanheribi gylyç bilen öldürdiler.
Soňra Musa bilen ysraýyllar Rebbe bagyşlap, şu nagmany aýtdylar: «Men Rebbe nagma aýdaryn. Ol şöhratly ýeňiş gazandy. Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy.
Işdäleri açylan wagty bolsa, Men olara meýlis guraryn. Şatlanyp, ebedi uka gitsinler, hiç wagt oýanmasynlar diýip, olary serhoş ederin. Muny Reb aýdýandyr.
Men onuň ýolbaşçylaryny, akyldarlaryny, häkimlerini, serkerdelerini, urşujylaryny serhoş ederin. Olar ebedi uka gidip oýanmazlar. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.
«Men saňa duşmandyryn». «Söweş arabalaryňy tütedip ýakaryn, ýaş şirleriň gylyçdan gyrlarlar, ýer ýüzünden toplan oljalaryňy ýok ederin, çaparlaryňyň sesi eşidilmez asla». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Şol gün Men atlaryň baryny guduzladaryn, üstündäkileri bolsa dälirederin. Beýleki halklaryň atlarynyň gözlerini kör ederin, emma Ýahuda neslini Öz nazarymda saklaryn. Muny Reb aýdýandyr.
Şeýlelikde, Dawut Şawulyň başujundaky naýzany, suw küýzäni aldy. Soňra olar gitdiler. Muny görenem, duýanam bolmady, hiç kim oýanmady hem. Olar uklap ýatyrdylar. Reb olary agyr uka gideripdi.