Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.
Hudaý Mukaddes Ýazgylarda Müsüriň faraonyna: «Men Öz güýjümi sende görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen seni patyşa etdim» diýip aýdypdy.
Milletler Saňa gaharlandylar. Indi Sen hem gazaba mündüň. Indi ölülere kazylyk etmegiň wagty geldi. Seniň gullaryň bolan pygamberleri, Öz halkyňy we Senden gorkýan uly-kiçi baryny sylaglamagyň wagty geldi. Ýeri harabalyga öwrenleri heläk etmegiň wagty geldi».