Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 74:9 - Mukaddes Kitap

9 Çünki käse Rebbiň elinde, ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly. Reb gazaby we şeraby käseden guýar: ýer ýüzüniň ähli erbetleri, ony löderesine çenli içerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Чүнки кәсе Реббиң элинде, ол гүйчли гарылып, көпүклейән шерапдан долы. Реб газабы ве шерабы кәседен гуяр: ер йүзүниң әхли эрбетлери, оны лөдересине ченли ичерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 74:9
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden sowlup geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.


Onuň derwezeleri ýere çökdi; Reb kiltlerini döwüp ýok etdirdi. Patyşasy we ýolbaşçylary ýat milletleriň arasynda galdy. Indi halka öwüt-nesihat berilmeýär, pygamberlerine Rebden görnüş gelmeýär.


Olary mukaddes halk eden Meniň Rebdigimi bilsinler diýip, Özüm bilen olaryň arasynda alamat bolar ýaly, mukaddes Sabat günlerimi hem olar üçin belledim.


Betbagtlyk üstüne betbagtlyk geler, erbet habar üstüne erbet habar çykar. Pygamberden boş ýere aýanlyk tama ederler; ruhany kanun öwretmez, ýaşuly öwüt bermez.


Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär: «Şeýle günler geler, Men ýurda açlyk ibererin. Emma bu çörek bilen suwuň gytlygy däl-de, Rebbiň sözlerini eşitmek küýsegi bolar.


«Munuň üçin gijäňiz görnüşsiz bolar, sizi tümlük gaplar, palçylyk edip bilmersiňiz. Pygamberleriň üstünden gün ýaşar, gündiz gijä öwrüler.


Görgürler masgara ediler, palçylar utanja galar. Hudaýdan jogap bolmany üçin, olar uýatdan ýüzlerini örterler».


Hudaýyň Özi hem alamatlar, mugjyzalar, her dürli gudratlar görkezmek bilen bu habary tassyklady we Öz islegine görä Mukaddes Ruhuň peşgeşlerini paýlady.


Şonda Gidegon Rebbe: «Eger menden razy bolsaň, onda Sen Özüňiň Rebdigiňi, meniň bilen Rebbiň gepleşýändigini subut edýän bir alamat görkez.


Ýetginjek Şamuwel Eliýiň ýanynda Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol günler Rebbiň sözi seýrek gelerdi, Rebden gelýän ylhamlar azdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ