Beýteldäki pygamberler topary Elýaşanyň ýanyna gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip sorady. Elýaşa: «Hawa, men bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi.
Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşa golaý gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip soradylar. Elýaşa: «Hawa, bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi.
Adamsy ondan: «Bu gün aýyň başy däl ýa-da Sabat güni däl. Sen näme üçin onuň ýanyna şu gün gitjek?» diýip sorady. Aýaly hem: «Hemme zat gowy, alada etme» diýip jogap berdi.
Seniň gurbanlyk sypaň ýanynda hatda serçe hem tapýar özüne bir öý, garlawaç hem – öz çagalary üçin höwürtge, eý, Hökmürowan Reb, Patyşam hem-de Hudaýym!
Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy.