Ine, Hudaý Öz beren wadasyny berjaý etdi, çünki men kakam Dawudyň ýerine geçdim. Rebbiň wada berşi ýaly, men Ysraýylyň tagtynda otyryn. Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurdum.
Meniň üçin toprakdan gurbanlyk sypasyny ýasaň we onuň üstünde goýunlaryňyzy, öküzleriňizi başbitin ýakma gurbanlygy we salamatlyk gurbanlygy edip hödürläň. Adym tutulyp ýatlanylan her bir ýere gelip, Men size ak pata bererin.
Taňry Ýakubyň ähli mekanyny weýran etdi hiç rehimdarlyk etmedi. Ýahuda gyzynyň galalaryny ýykdy gahar-gazaby ýatmady. Patyşalygyny hem hökümdarlaryny masgaralap, ýer bilen ýegsan etdi.
Ybadathanasyny çatma deý ýykdy, halkyň ybadat öýüni wes-weýran etdi. Reb Sionda baýramlardyr Sabat gününi unutdyrdy. Gahar-gazaba münüp, patyşany we ruhanyny ret etdi.
«Ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men güýjüňiziň buýsanjy, gözüňiziň arzuwlaýany, janyňyzyň mähremi bolan mukaddes öýümi harlatmakçy. Galdyryp gaýdan ogul-gyzlaryňyz gylyçdan ölerler“.
Ysraýyllaryň öýlerini eýelär ýaly, Men milletleriň iň ýamanyny getirerin. Men güýçlüleriň tekepbirliginiň soňuna çykaryn, olaryň mukaddes ýerleri murdar bolar.