5 Olar göýä gür agaçlyga paltalary aýlap salýan kişiniň keşbindediler.
5 Олар гөйә гүр агачлыга палталары айлап салян кишиниң кешбиндедилер.
Pisler peläket güni aman galýarlar, Hudaýyň gazaply gününden gutarylýarlar.
Derdimi ýada salanymda, galagoplanýaryn, süňňüme galpyldy aralaşýar.
Öýlerinde howpsuzlykda, gorkusyz ýaşaýarlar, Hudaý-da olara jeza bermeýär.
Eý, Hudaý, ezelden bäri Sen Patyşamsyň, ýer ýüzünde halas ediş işlerini berjaý edýärsiň.
Reb bizi terbiýelemek üçin höküm edýändir. Ol muny biziň dünýä bilen birlikde höküm edilmezimiz üçin edýär.
Eger Hudaý sizi hemmeleri terbiýeleýşi ýaly terbiýelemese, onda siz Hudaýyň perzendi däl-de, çöp düýbüsiňiz.
Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!