Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.
Şeýlelikde, goýun söwdagärleriniň hatyrasyna men soýulmaly sürä çopan boldum. Elime iki taýak aldym-da, olaryň birini «Merhemet», beýlekisini bolsa «Bütewülik» diýip atlandyrdym. Şeýdip, sürini bakdym.