Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 72:15 - Mukaddes Kitap

15 «Men hem şolar ýaly gürlejek» diýen bolsadym, onda Hudaýyň halkynyň öňünde dönük bolardym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 «Мен хем шолар ялы гүрлеҗек» диен болсадым, онда Худайың халкының өңүнде дөнүк болардым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 72:15
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdardaky hoşboý ysly zatlar hiç berilmändi.


Süleýmana bir ýylda gelen altynyň agramy alyş-beriş edýän adamlardan, söwdagärleriň söwdasyndan, ähli arap şalaryndan, ýurduň häkimlerinden gelen altyndan daşary bir müň bir ýüz otuz batmandan gowrakdy.


Şeba melikesi Süleýmanyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi. Şeba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdarda altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary hakynda onuň bilen söhbetleşdi.


Ýöne welin mukaddessiň Sen! Ysraýyl alkyşlarynyň üstünde tagt guransyň Sen.


olaryň suwlary güwläp, joşsa-da, zarbyndan ýaňa daglar sarssa-da. Sela


Olar bir salymda wes-weýran boldy, wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!


Sen düýe sürülerinden, Midýan, Eýpa köşeklerinden dolarsyň; bütin Şeba halky geler. Olar altyndyr ýakymly ysly tütetgi getirip, Rebbe alkyş aýdarlar.


Olar öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Şonda dyza çöküp, Oňa sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, hoşboý tütetgiler we mür sowgat berdiler.


Onuň öňünden hem yzyndan gelýän mähelle: «Dawut Ogluna alkyş bolsun! Rebbiň adyndan gelýäne alkyş bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardy.


Patyşalygyň gelsin! Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn!


Isa oňa: «Direlişem, ýaşaýyşam Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar.


Az salymdan soň dünýä Meni görmez, emma siz görersiňiz. Meniň ýaşaýandygym üçin, siz-de ýaşarsyňyz.


Şeýlelikde, Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony iberen Ata-da hormat goýýan däldir.


Ata Hudaýyň şan-şöhraty üçin, her dil Isa Mesihiň Rebdigini ykrar eder.


Indi bolsa size tarap ýolumyzy, goý, Atamyz Hudaýyň Özi hem-de Rebbimiz Isa açsyn.


Reb saňa ýar bolsun! Onuň merhemeti siziň baryňyza ýar bolsun!


Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Bu Ýaşaýyş aýan boldy, biz Ony gördük. Atamyz Hudaý bilen bolan bu baky Ýaşaýyş bize äşgär boldy. Indi biz Ol barada şaýatlyk edip, Ony size yglan edýäris.


Şonuň üçin Rebbimiz Isa Mesih arkaly ýeke-täk Halasgärimiz Hudaýa şan-şöhrat, güýç-gudrat, hökümdarlyk ezelden, häzir we baky ýar bolsun! Omyn.


Men diridirin. Ölüdim, ýöne, ine, indi ebedilik diridirin. Ölümiň-de, ölüler dünýäsiniň-de açary Mendedir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ