meni ähli ýamanlykdan goran perişde bu oglanlary-da ýalkasyn! Goý, meniň adym, ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň ady şu oglanlaryň üsti bilen dowam etsin! Goý, olardan köp nesiller döresin!»
Ol: «Meni beýtmekden sakla, ýa Reb! Janlaryny howp astyna salyp giden adamlaryň ganyny, heý-de, men içip bilerinmi?!» diýip, suwdan içmek islemedi. Bu üç batyr ýigit şeýle edermenlikler görkezipdi.
Dawut beýerotly Rimmonyň ogullary Rekap bilen Bagana ýüzlenip: «Meni ähli bela-beterlerden goran Rebden ant içýärin, maňa biri Şawulyň öldi habaryny getiripdi we ol gowy habar getirendirin öýdüpdi. Ýöne men ony Ziklagda öldürdim. Getiren buşlugy üçin oňa şeýle „serpaý“ ýapylypdy.
Şawul Dawuda şeýle diýdi: «Men günä etdim. Yzyňa dolan, oglum, Dawut. Indi men saňa hiç wagt ýamanlyk etmerin, çünki bu gün meniň janym seniň üçin juda gymmatly boldy. Men akmak bolupdyryn, juda ýalňyşypdyryn».