Sadok ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan içi zeýtun ýagly şahy alyp, Süleýmanyň başyna ýag guýdy. Soňra surnaý çalnyp, ähli adamlar: «Ýaşasyn Süleýman patyşa!» diýip gygyryşdylar.
Şonuň üçinem halkyňy dolandyrar ýaly, ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, Sen Öz guluňa pähim-paýhas ber, çünki Seniň san-sajaksyz halkyňy kim dolandyryp biler?»
Ine, senden bir ogul dünýä iner; ol asudalykda ýaşar. Men oňa töweregindäki ähli duşmanlaryndan dynçlyk bererin. Onuň ady Süleýman bolar, Men onuň döwründe Ysraýyla parahatçylyk hem asudalyk bererin.
Seniň tabşyryklaryňy, düzgünleriňi, parzlaryňy – şularyň hemmesini berjaý eder ýaly, meniň taýýarlyk gören ybadathanamy gurary ýaly, oglum Süleýmana sadyk ýürek ber».