3 Goý, daglar halka abadanlyk habaryny getirsin, depeler adalaty, goý, yglan etsin.
3 Гой, даглар халка абаданлык хабарыны гетирсин, депелер адалаты, гой, ыглан этсин.
Saňa her gün alkyş aýdaryn, adyňy ebedi we baky şöhratlandyraryn.
Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.
Gün söz sözleýär ertirki güne, gije bilim berýär indiki gijä.
Eý, edermen, dak gylyjy biliňe, beslen şöhratyňa hem-de şanyňa.
Sen olaryň jezasyna jeza goş, olar Sen tarapdan, goý, aklanmasyn.
Beýik Hudaýyň penasynda ýaşaýan ynsan Gudratygüýçliniň kölegesini mesgen ediner.
Emma Sen, ýa Reb, baky belentsiň.
Rebbiň ady berk galadyr, dogruçyllar onuň içine özüni atyp howpsuz bolýarlar.
belentliklerde ýaşarlar. Gaýalardaky galalar penalary bolar, çörekleri berler, teşne galdyrylmazlar.
Gojalary, ýigitleri, boý gyzlary, çagalar bilen aýallary öldüriň, emma maňlaýynda bellik bolanlara golaýlaşmaň. Meniň mukaddes öýümden başlaň» diýdi. Olar-da öýüň öňündäki ýaşululardan başladylar.
Penakäriň gadymdan bar bolan ebedi Hudaýdyr! Seni hemişe gollarynda göterer, garşyňdan duşmanlaryňy kowar, olary saňa ýok etmegi buýrar.