Ýahudylar özlerine zyýan ýetirmek isleýänlere gaýtawul bermek üçin, Kserks patyşanyň ähli welaýatlarynda, öz şäherlerinde ýygnandylar. Hiç kim olaryň garşysyna durup bilmedi, çünki ähli adamlaryň üstüne ýahudylar tarapyndan gorky howpy abanypdy.
Emma Reb batyr söweşiji kimin meniň bilendir, şonuň üçin meni yzarlaýanlar büdrärler, ýeňip bilmezler. Üstünlik gazanyp bilmändikleri üçin, olar erbet utanja galarlar. Olaryň utanjy ebedilik bolar, hiç wagt unudylmaz.
Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».