2 dogrulygyň bilen meni halas et, azat et, maňa gulak goý, tiz ýetiş meniň dadyma.
2 догрулыгың билен мени халас эт, азат эт, маңа гулак гой, тиз етиш мениң дадыма.
Men gaty ses bilen Rebbe perýat edýärin, gaty ses bilen Rebbe men ýalbarýaryn.
Agzynyň sözleri – betlik hem hile, paýhaslanyp, ýagşylyk etmegi hiç islemeýär.
Ysraýylyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun ezelden ebedä çenli! Omyn! Omyn!
Reb eşitdi meniň ýalbaryşymy, kabul edýär Reb meniň dogamy.
Çünki ol halas edýär mätäji özüne perýat edende, garyby-da, kömekçisi bolmadyk ynsanlary-da.
Onuň ejizlere, mätäçlere rehimi inýär, ol mätäçleriň janyny aman galdyrýar.
Şonuň üçin olar gidip, arkan ýykylyp, ýaralanarlary ýaly, duzaga düşüp, tutulary ýaly, Rebbiň sözi olar üçin: «Buýruk üstüne buýruk, buýruk üstüne buýruk, düzgün üstüne düzgün, düzgün üstüne düzgün, biraz bu ýerde, biraz ol ýerde» bolar.
Size garşy gazaplanýanlaryň ählisi utandyrylar, ile ryswa ediler. Hiç zat dek ýogalyp giderler size garşy çykýanlar.
Isa olara: «Şol Mendirin» diýende, olar yza çekilip, ýere ýykyldylar.