Ýerine şa bolan adamyň Şawulyň garyndaşlarynyň tutuş ganyny Reb senden aldy. Ol şalygy ogluň Abşaloma berdi. Görýäňmi, öz pisligiňiň pidasy bolduň, sebäbi sen ganhor» diýip garganýardy.
Dawut Ramadaky Naýot galasyndan gaçyp gaýtdy we Ýonatanyň ýanyna gelip, oňa: «Men näme etdim? Meniň ýazygym näme? Kastyma çykar ýaly, men seniň kakaňa näme ýamanlyk etdim?» diýdi.
Ahymelek Şawula şeýle jogap berdi: «Dawut seniň nökerleriňiň iň wepalysy ahyryn. Ol seniň giýewiň, baş janpenaň hem-de seniň köşgüňde iň hormatly adamdyr.
Ol adamlaryna şeýle diýdi: «Jenabyma, Rebbiň saýlan adamyna beýle zat etmekden, oňa garşy el götermekden Rebbiň Özi saklasyn, çünki ol Rebbiň seçip-saýlanydyr».
Şawul Dawuda şeýle diýdi: «Men günä etdim. Yzyňa dolan, oglum, Dawut. Indi men saňa hiç wagt ýamanlyk etmerin, çünki bu gün meniň janym seniň üçin juda gymmatly boldy. Men akmak bolupdyryn, juda ýalňyşypdyryn».