Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 7:16 - Mukaddes Kitap

16 Ol gazýar bir çukur, ony çuňaldýar, gazan çukuryna-da onuň özi düşýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Ол газяр бир чукур, оны чуңалдяр, газан чукурына-да онуң өзи дүшйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 7:16
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Emasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy.


Sen oňa Reb şeýle diýýär diý: „Sen ilki Nabody öldürdiň, indi hem onuň üzümçiligini eýeleýäňmi? Itler Nabodyň ganyny ýalan ýerinde seniň hem ganyňy ýalarlar“».


Şeýdip, olar Hamanyň Mordekaý üçin taýýarlan dar agajyndan onuň özüni asdylar. Şondan soň patyşanyň gahary ýatyşdy.


Ýöne Ester patyşanyň huzuryna baranda, patyşa: «Hamanyň ýahudylara garşy guran hilesi onuň öz başyna gelsin hem-de onuň özi we ogullary dardan asylsyn» diýip, ýazmaça perman çykardy.


Görşüme görä pislik sürümini geçirip, hasraty ekýänler, şony-da orýandyrlar.


Eý, Hudaý, sadyk söýgiň neneň gymmatly! Seniň ganatlaryňyň saýasy ynsan ogullaryna pena bolýandyr.


Erbet dogry adama hyýanat edýär hem-de oňa dişlerini gyjaýar.


Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder.


Eý, Hudaý, agyzlarynda kül et olaň dişini, ýa Reb, owrat ýolbarslaryň gyýyk dişini.


Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy, gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy.


Olaryň takdyry şeýle bolar, zuluma gyzygyp toplan baýlygy öz janyny alar.


Kim gorp gazsa, oňa özi ýykylar, kim ýokary daş togalasa, ol öz üstüne gaýdar.


Çukura ony gazýanyň özi gaçýandyr; diwary deşýäni ýylan çakýandyr.


Şawulyň niýetiniň ýamandygyny bilende, Dawut ruhany Abýatara: «Efody getir, Hudaýyň islegini bileli» diýdi.


Dawut oňa ýene şeýle diýdi: «Rebden ant içýärin, ony ýa Reb urar, ýa ol öz ajalyna öler ýa-da söweşde öler.


Üstesine-de, seniň bilen bilelikde Ol Ysraýyly piliştlileriň eline berer; ertir ogullaryň bilen bile meniň ýanyma gelersiň. Reb Ysraýyl goşunyny hem piliştlileriň eline berer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ