Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 7:10 - Mukaddes Kitap

10 Erbet adamlaryň ýamanlygy soňlansyn, berkarar et Sen dogry ynsany, çünki Sen, ýa hak Hudaý, köňüldir ýürekleri barlaýarsyň ahyryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эрбет адамларың яманлыгы соңлансын, беркарар эт Сен догры ынсаны, чүнки Сен, я хак Худай, көңүлдир йүреклери барлаярсың ахырын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 7:10
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».


Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.


şonda Sen gökde Öz mesgeniňde eşit-de, olary bagyşla we olara ýardam et. Her kese eden işine görä jogap ber, çünki her ynsanyň ýüregini diňe Sen bilýänsiň.


päk we dogruçyl bolsaň, elbetde, Ol seniň üçin aýaga galar, sylaglap, hojalygyňy dikelder.


Şindiden ebedä çenli Rebbiň ady alkyşly bolsun!


Ýagşyň çöli gülzarlyga öwrüşi kimin, ýa Reb, gaýtar bize öňki abadanlygy.


Köpler men babatda: «Hudaý ony halas etmez» diýýärler. Sela


Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.


Gara ýürekliler Rebbe nejisdir, Reb sadyk ýoldan hoşaldyr.


Çünki ýurtda dogruçyllar mekan tutarlar, sadyklar şol ýerde galarlar.


Sadyk gezýänler halas bolar, egri ýolly adamlar bolsa duýdansyz ýykylar.


Emma, eý, adalatly höküm edýän, ýürekleri we pikirleri synaýan Hökmürowan Reb! Dawamy Saňa aýan edýärin, olardan aljak öjüňi göreýin!


«Men-Reb her ynsana tutan ýoluna, eden işlerine görä jeza bermek üçin, ynsanyň ýüregini barlaýaryn, pikirlerini synaýaryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ