22 Olar nahar ýerine maňa öt berdi, suwsanymda sirke içirdi.
22 Олар нахар ерине маңа өт берди, сувсанымда сирке ичирди.
Ol halkyna işleriniň gudratyny görkezdi: milletleriň mirasyny olara berdi.
Ysraýyllar hem deňziň ortasyndaky şol gury ýer bilen geçdiler, suw sag tarapdan we çep tarapdan olara diwar bolup durdy.
Emma ysraýyllar deňizden gury ýer bilen geçdiler, suw olara sag we çep tarapdan diwar bolup durdy.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, milletlere elim bilen yşarat ederin, halklara baýdagymy galdyraryn; olar ogullaryňy gujaklarynda getirerler, gyzlaryňy gerişlerinde götererler.
Men sizi milletleriň arasyndan yzyňyza alaryn, ähli ýurtlardan ýygnap, öz ýurduňyza getirerin.
Soňra ysraýyllar Başan ýurduna tarap ýoluny dowam etdirdiler. Başan hany Og ysraýyllar bilen söweşmek üçin, Edreý galasynda ähli urşujylary bilen olaryň garşysyna çykdy.