2 Eý, Hudaý, meni halas et, çünki suwlar boýnuma ýetdi.
2 Эй, Худай, мени халас эт, чүнки сувлар бойнума етди.
Şeýdip, Ýowap hem onuň goşunlary siriýalylara garşy söweşe girişdiler; duşmanlar Ýowapdan gaçdylar.
Siriýalylar ysraýyllaryň goşunyndan gaçdylar. Dawut olaryň ýedi müň söweş arabaly esgerlerini hem-de pyýada goşundan kyrk müň adamy öldürdi. Ol siriýalylaryň goşunbaşysy Şobagy ýaralady; Şobak şol ýerde jan berdi.
Duşmanlarym bolsa diri hem güýçli; meni nähak ýere ýigrenýänler köpeldi.
Ýatlaýaryn, gijesine öz ýüregim bilen söhbet edýärin oýlanýaryn, ruhum içgin-içgin çintgeýär:
Rebbi ýigrenýänler oňa ýalym-ýulum ederdi, kysmatlary ebedi dowam ederdi.
Rebbe lirada, lirada owazly alkyşlar aýdyň.
Gudratly sesiňden halklar gaçýarlar, şan-şöhratyňdan milletler dagaşýarlar.
Alawyň çalyny ýandyryşy dek, suwy gaýnadyşy dek oduň adyňy duşmanlaryňa tanatdyrýaň, milletler öňüňde lerzana gelerler.
Pislik ot kimin ýanýar, çalydyr tikenleri ýalmaýar ol, tokaýyň gür ýerlerini tutaşdyrýar, tüsse al-asmana galýar.
Näme üçin öküz hudaýyň – Apys gaçdy? Ol näme üçin durup bilmedi? Çünki ony Reb ýer bilen ýegsan etdi.
Şonuň üçin olar säherki ümür ýaly, basym guraýan çyg ýaly, harmandan sowrulýan harpyk dek, tüýnükden çykýan tüsse ýaly boljaklar.
Daglar Onuň aýak astynda erär, dereler böwsülip, otda ereýän mum ýaly, kertden inýän suw deýin bolar.
Her sapar Äht sandygy ýola düşende, Musa şeýle diýerdi: «Galkyn, eý, Reb! Goý, duşmanlaryň dargasyn, seni ýigrenýänler Seniň öňüňden gaçsyn».