Reb olaryň söweş arabalarynyň tigirlerini batga batyrdy, şonuň üçin hem, olara arabalaryny sürmek gaty kyn düşdi. Şonda müsürliler: «Ýörüň, ysraýyllardan gaçalyň, çünki Müsüriň garşysyna olar üçin Reb söweşýär» diýdiler.
Şeýdip, Musa bilen ruhany Elgazar müňbaşylardan, ýüzbaşylardan altyny kabul edip aldylar. Ony Rebbiň ýoluna berilýän paý hökmünde ysraýyllar üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyra getirdiler.
Şol bir wagtyň özünde Ýeşuwa ol ýerleriň ähli hanlaryny we olara degişli ýerleri basyp aldy, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň hut Özi Ysraýyl üçin söweşdi.
„Belki, olja paýlaşýandyrlar, hersi özüne birki gyzy tutýandyr. Sisera öz olja alan zatlaryndan dürli reňkli geýimler saýlaýandyr, nepis nagyşly geýimlerden meniň üçin saýlaýandyr“.