Debora Abynogamyň ogly Baragyň yzyndan adam iberip, Kedeş galasynyň Naftaly diýen ýerine çagyrtdy we oňa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb saňa şeýle buýruk berdi: „Bar, naftalylardan we zebulunlardan on müň adamy ýanyňa al-da, olar bilen Tabor dagyna çyk.
Dawut Jalut piliştlini öldürenden soň, adamlar öýlerine gaýdyp gelýärkäler, ähli Ysraýyl galalaryndan gelen aýallar Şawul patyşany garşylamaga çykdylar. Olar deprekdir beýleki saz gurallaryny çalyp, şadyýan aýdymlar aýdýardylar, tans edýärdiler.