1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Mezmur. Nagma.
1 Айдымчылар топарының ёлбашчысына. Киришли саз гуралында. Мезмур. Нагма.
Şeýdip, ysraýyllar şagalaň bilen, şahdan edilen surnaýlaryň, kernaýlaryň, kimwallaryň şowhuny, arfadyr liralaryň belent owazy bilen Rebbiň Äht sandygyny getirdiler.
Men sadyklyk we adalat barada nagma aýdaryn, ýa Reb, men Saňa şatlanyp, nagma aýdaryn.
Burnunda dirilik nepesi bolanlaryň bary, Rebbi şöhratlandyrsyn! Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Pes göwünliler muny görüp begensin, eý, Hudaýy agtarýanlar, ýüregiňiz galkynsyn.
Hudaý Öz mejlisinde ornuna geçip, ylahy barlyklaryň arasynda kazylyk edýär.
Reb höküm sürýär, goý, ýer şatlansyn, hemme adalar, goý, begenişsin.
Sen adalaty söýýän Patyşa: ýüz görmezligi, adalaty, dogrulygy berkarar etdiň; bulary Ýakup neslinde Sen amal etdiň.
Öwgi aýdymlary ýaňlanýar ýeriň aňry ujunda: «Dogry Bolana şöhrat!» Emma men: «Garamaňlaý, garamaňlaý! Dat günüme! Dönükler dönüklik edýärler, dönükligi çäksiz olaryň» diýdim.