Şöhlesini ýer ýüzüniň dört künjegine ýaýradar ýaly, erbetleri gizlenen ýerinden silterläp çykarar ýaly, ömrüňde ir sähere buýruk berdiňmi? Daň şapagyna ýerini görkezdiňmi?
Milletler güýçli tolkunlaryň uwlaýşy dek uwlaşarlar, emma Ol olara käýär, daglardaky şemala uçýan çöp-çalam deý, uzaklara gaçarlar olar, tüweleýiň öňündäki togalanýan toz deý togalanarlar.
Gözleriňizi asmana dikip, Güni, Aýy, ýyldyzlary – ähli asman jisimlerini göreniňizde, aldawa düşmäň we olara sygynyp gulluk etmäň. Çünki Hudaýyňyz Reb sygynmak üçin olary asmanyň astyndaky başga halklara berdi.
Şol sagat bir güýçli ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýumruldy. Ýertitremede ýedi müň adam heläk boldy. Aman galanlar gorkup, Gögüň Hudaýyny şöhratlandyrdylar.