Men olaryň arasynda bir alamat görkezerin. Olaryň arasyndan gaçyp gutulanlary milletleriň arasyna, Tarşyşa, Pula, ýaýçy Luda, Tubala, Ýawana, Men barada eşitmedik, şöhratymy görmedik uzakdaky adalara ýollaryn. Olar Meniň şöhratymy milletleriň arasynda yglan ederler.
Hökmürowan Reb ýene şeýle diýýär: «Eý, gulum, Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl, şol gün Men seni getirip, möhür ýüzügim deý ederin, çünki Men seni saýladym. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».
Efraýymyň söweş arabalaryny, Iýerusalimiň atlaryny ýok ederin, söweş ýaýlary omrulyp taşlanar. Ol halklara abadançylygy berkarar eder. Hökümdarlygy deňizden-deňze, derýadan ýeriň uçlaryna ýeter.
Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy?
Men suwlara gözegçilik edýän perişdäniň şeýle diýenini eşitdim: «Eý, häzir bar we geçmişde bolan Mukaddes Hudaý! Sen şu hökümi çykarmak bilen adalatlydygyňy aýan etdiň.