Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 65:2 - Mukaddes Kitap

2 Onuň şöhratly adyna nagmalar aýdyň, Oňa ajaýyp alkyşlar aýdyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Онуң шөхратлы адына нагмалар айдың, Оңа аҗайып алкышлар айдың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 65:2
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Wagt öýleden agyp, agşam gurbanlygy hödürlenmeli wagta çenli, olar uly goh-galmagal bilen tans edip, pygamberlik eden boldular, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Dilegimi eşit, ýa Reb, maňa jogap ber! Bu halk Sen Rebbiň Hudaýdygyňy we olary yzlaryna, Özüňe çagyrýandygyňy bilsin».


Manaşa Hudaýa dileg etdi, Hudaý-da onuň dilegini kabul edip, nalyşyny eşidip, ony ýene-de Iýerusalime, öz patyşalygyna getirdi. Onsoň Manaşa Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bildi.


Emma Rebden gorkýanlar üçin, ezelden ebedä çenli dowam edýär Onuň söýgüsi. Rebbiň ähtini saklap, buýrugyny berjaý edýänler üçin, Rebbiň gutulyşy dowam edýär nesillerboýy.


Eý, Hudaý, goý, halklar Saňa öwgüler aýtsyn, ähli halklar Saňa öwgüler aýtsyn.


Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.


Olar çagyrmanka, Men jogap bererin, gepläp durkalar, Men eşiderin.


Eý, Ninewe, ýumrujy garşyňa çykdy, galalaryňy gora, ýoly garawulla. Biliňi berk guşap, bar güýjüňi jemle.


Ýerden ýokary göterilenimde, Men ähli ynsanlary Özüme çekerin» diýip jogap berdi.


„Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ