1 Eý, tutuş ýer ýüzündäki ynsanlar! Hudaýa heşelle kakyň.
1 Эй, тутуш ер йүзүндәки ынсанлар! Худая хешелле какың.
Dawut galada mesgen tutdy. Şonuň üçin hem ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdylar.
Rebbiň Äht sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Ol Dawudyň bökjekläp tans edişini görüp, oňa äsgermezçilik etdi.
Birentek öküzler meni gurşady, güýçli Başan öküzleri meni gabady;
Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel! Tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!
Dawudyň Ýahuda çölündekä aýdan mezmury.
Diýdim: «Beýik Hudaý indi tarapymyzy tutmaýar – bu meni lapykeç edýär».
Men Hudaýa perýat edýärin, meni eşideri ýaly perýat edýärin.