Dawut Iýerusalimde özi bilen bile bolan ähli adamlaryna: «Hany, boluň, gaçalyň! Ýogsam, bize Abşalomdan gutulma ýokdur. Howlukmasak, ol yzymyzdan ýetip, bizi tutar, başymyza bela getirer we galadakylary gylyçdan geçirer» diýdi.
Ýolbaşçy ruhanylar bilen baştutanlar Isany görüp: «Ony haça çüýle, haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat olara: «Ony äkidip, özüňiz haça çüýläň. Men-ä Ondan hiç bir ýazyk tapmadym» diýdi.
Şawul elindäki naýzasy bilen Dawudy diwara çüýlemegi ýüregine düwdi. Emma Dawut naýzanyň öňünden sowlup ýetişdi; naýza baryp, diwara çümdi. Dawut şol gije ýene-de gaçyp başyny gutardy.