6 Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdadyr meniň umydym.
6 Диңе Худайда ынҗаляр җаным, Худайдадыр мениң умыдым.
Gadamlarym pugta tutdy ýodalaryňy, meniň aýaklarym taýmady.
Eý, Hudaý, çagyrýan Seni, çünki Sen berersiň maňa jogaby, gulak goý-da, eşit meniň sözümi.
Ýöne welin mukaddessiň Sen! Ysraýyl alkyşlarynyň üstünde tagt guransyň Sen.
Olar Saňa perýat edip, halas boldular; Saňa bil bagladylar, baglan umydynda aldanmadylar.
Emma onuň ezilmesi, dert çekmesi Rebbiň islegidi. Onuň jany günä gurbanlygy edilse, ol neslini görer, onuň ömri uzar; Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar.