Dawut piliştliler bilen bile Şawulyň garşysyna uruşmak üçin gelende, manaşalardan käbiri onuň tarapyna geçdi. Ýöne Dawut piliştlilere kömek etmedi, sebäbi pilişt baştutanlary özara maslahatlaşyp: «Dawut öz jenaby Şawulyň tarapyna geçip, bizi satar» diýip, ony yzyna ugratdylar.
Ol ilkinji doglan öküz ýaly haýbatlydyr, ýabany öküziňki kimindir onuň şahlary. Bir şahy Efraýymyň on müňüsidir, beýlekisi Manaşanyň müňüsidir. Ol halklary şahlary bilen süser, ýeriň ol ujuna çenli olary kowar».
Gilgadyň ýarysy, Aştarot we Edreý (Başan hany Oguň hanlyk eden galalary). Bular Manaşanyň ogly Makyryň nesilleri üçin olaryň uruglary boýunça berlen paý boldy.
Şeýle hem, günbatardaky manaşa tiresi üçin bije atyldy. Manaşa Ýusubyň nowbahar ogludy. Manaşanyň ilkinji ogly, Gilgadyň kakasy Makyr ökde urşujy bolandygy üçin, bije boýunça onuň urugyna Gilgat we Başan berlipdi.