Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 60:3 - Mukaddes Kitap

3 Meniň kalbym gam laýyna batanda, Seni çagyrýaryn ýeriň ujundan; çykyp bilmejek gaýama Sen meni çykar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Мениң калбым гам лайына батанда, Сени чагырярын ериң уҗундан; чыкып билмеҗек гаяма Сен мени чыкар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 60:3
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, ähtini we sadyk söýgüsini saklaýan Hudaýymyz! Beýik, gudratly hem haýbatly Hudaý! Aşur patyşalarynyň döwründen tä şu güne çenli patyşalarymyzyň, baştutanlarymyzyň, ruhanylarymyzyň, pygamberlerimiziň, ata-babalarymyzyň, Seniň halkyň bolan biziň başymyzdan inen jebir-jepalar Seniň gözüňe az görünmesin.


Ýyşaý ogly Dawudyň doga-dilegleri tamamlandy.


Sen wehimlisiň! Gazaba müneňde kim durup biler?


Täze Aý, dolan Aý wagtynda, baýram günümizde surnaýlar çalyň.


Muşakgat içinde çagyrdyň, seni halas eýledim, gök gürrüldisinden Men jogap berdim. Meribanyň boýunda seni synadym. Sela


Ýa Taňry, Sen ýagşy we geçirimli, Seni çagyrýanlaryň baryna eçilýärsiň sadyk söýgiňi.


Oýan, eý, Iýerusalim oýan, aýaga gal! Rebbiň gazap käsesini Onuň elinden içdiň, serhoşlyk käsesini başyňa çekdiň.


Taňry Rebbiňiz, Öz halkyny goraýan Hudaýyňyz şeýle diýýär: «Ine, Men serhoş edýän käsäni eliňden aldym, Meniň gazap käsämden mundan beýläk içmersiň.


Ysraýyl Hudaýy Reb maňa şeýle diýdi: «Gazapdan pürepür bu käsäni Meniň elimden al-da, seni ýanlaryna iberjek ähli milletlerime ony şerap dek içir.


Eý, Us ýurdunda ýaşaýan Edom gyzy, şatlan, begen! Ýöne käse gezegi saňa-da ýeter, serhoş bolup ýalaňaçlanarsyň şonda.


Başymyzdan äpet bela-beterler inderjekdigi barada Onuň bize we üstümizden höküm sürýän baştutanlarymyza aýdan sözleri berjaý boldy. Iýerusalimiň başyna inen bela gögüň astyndaky hiç bir şäheriň üstünden hiç haçan inmändi.


Şan-şöhratyňyz utanja öwrüler, indi siz hem içip, serhoş ýörersiňiz. Reb size sag elindäki jeza käsesinden içirer, şonda siz abraýdan düşüp, ile ryswa bolarsyňyz.


Beýik şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri weýran boldy. Hudaý Babyl şäherini ýada salyp, gahar-gazabyndan doly şeraply käsesinden bu şähere içirdi.


Olar möňňürişip, şeýle diýerler: „Waý, beýik şäheriň halyna waý! Ol nepis zygyr, goýy gyrmyzy we al-gyzyl geýnerdi, altyn, gymmatbaha daşlar we dürler bilen bezenerdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ