Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 60:1 - Mukaddes Kitap

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Айдымчылар топарының ёлбашчысына. Киришли саз гуралында. Давудың мезмуры.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 60:1
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hadadgezer Ýewfradyň aňyrsyndaky siriýalylara habar ýollap, söweşe çykardy. Olar Hadadgezeriň goşunbaşysy Şobagyň baştutanlygynda Heýlam galasyna geldiler.


Şeýlelikde, Dawut Bagalperasyma gelip, olary şol ýerde derbi-dagyn etdi. Ol: «Sil bentleriniň böwsülişi kimin, Reb-de duşmanlaryma meniň elim bilen zarba urdy» diýdi. Şol sebäpden hem bu ýere Bagalperasym diýen at dakyldy.


Ol Edomyň ähli ýerinde goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Soňra Dawut Ýewfrat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezeri boýun egdirdi.


Amazýa Duz jülgesinde on müň sany edomlyny gyryp, Sela galasyny basyp aldy. Ol Sela galasyny Ýokteýel diýip atlandyrdy. Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylyp gelýär.


Soňra Dawut Ýewfrat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Hadadgezeri Hamatyň ýakynynda boýun egdirdi.


Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.


Amazýa güýç toplap, öz goşunyna baş bolup, Duz deresine gitdi we ol ýerde Segir halkyndan on müň adamy öldürdi.


Süýthor onuň bar zadyny garbasyn, agyr zähmetiniň rähnetini keseki görsün.


Eginbaşyň mür, ahalot, dalçyn yslydyr; pil süňküne bezelen köşklerden ýaňlanýan sazlar seni şat edýär.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Äht liliýasy» äheňinde aýdylýan. Aram-Naharaýym, Aram-Soba bilen urşanda we Ýowap yzyna dolanyp gelýärkä, Duz deresinde on iki müň edomlyny öldüren wagty, Dawudyň öwüt bermek üçin aýdan miktamy.


Berk gala kim meni elter? Meni Edoma kim alyp gider?


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury. Nagma.


Ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb! Öz halkyň doga-dileglerine Sen haçana dek boljak gaharly?


Üzüm nahalyny Sen Müsürden getirdiň, milletleri kowup, ony oturtdyň.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Asafyň mezmury.


Mukama başlaň: deprek, hoş owazly lirany, arfany çalyň.


Sen şatlandyr Öz bendäňiň kalbyny, çünki Saňa, eý, Taňry, tabşyrýaryn janymy.


Daglar emele gelmezden ozal, topragy, älem-jahany ýaratmazyňdan ozal, ezelden ebedä çenli bolan Hudaý – Sen.


Seniň gaharyňdan ýaňa biz ýok bolýarys, gazabyňdan ýaňa dowla düşýäris.


Arslany, ýylany sen depgilärsiň, ýolbarsy, alahöwreni sen basgylarsyň.


Ýahuda neslini kuwwatlandyraryn, Ýusup neslini halas ederin, Men yzyna getirerin olary, çünki olara rehimim indi. Men tarapdan unudylmadyk ýaly bolarlar. Sebäbi olaryň Hudaýy Reb Mendirin; Men olara gulak asaryn.


Şamuwel oňa: «Näme iş bitirdiň?» diýdi. Şawul oňa şeýle jogap berdi: «Töweregimdäki halk menden çetleşip başlady, sen hem aýdan möhletiňde gelmediň, piliştliler bolsa Mikmaşa ýygnandylar.


«Ysraýyl piliştlilerden gaçdy, halk gyryldy, ogullaryň Hopny bilen Pinehas duşman elinden öldi, Hudaýyň sandygy elden gitdi» diýip, habar getiren adam jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ