«Yzyňa dolanyp bar-da, Meniň halkymyň hökümdary Hizkiýa atasy Dawudyň Hudaýy Rebbiň şeýle diýýändigini aýt: „Men seniň dilegiňi eşitdim, seniň gözýaşlaryňy gördüm. Men seni hökman sagaldaryn we üçünji güni sen Rebbiň öýüne bararsyň.
Emma Reb batyr söweşiji kimin meniň bilendir, şonuň üçin meni yzarlaýanlar büdrärler, ýeňip bilmezler. Üstünlik gazanyp bilmändikleri üçin, olar erbet utanja galarlar. Olaryň utanjy ebedilik bolar, hiç wagt unudylmaz.
Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.