Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 59:5 - Mukaddes Kitap

5 Agyr güne saldyň Sen Öz halkyňy, bize entediji şerap içirdiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Агыр гүне салдың Сен Өз халкыңы, бизе энтедиҗи шерап ичирдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 59:5
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Ýakup bu ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ony El-Elohe-Ysraýyl diýip atlandyrdy.


Meni ünsli diňle hem-de jogap ber, pikirlerim meni birahat edýär; duşmanyň sesinden ýaňa, erbet adamyň zulumyndan ýaňa, meniň başym çaşdy. Çünki olar maňa sütem edýärler, gaharlarynyň ajysyny pürkýärler.


Ýa Reb, galk Sen Öz gazabyňda, garşy çyk Sen duşman dergazabyna; eý, Hudaýym, oýan-da, jar et Öz hökümiňi.


Täze Aý, dolan Aý wagtynda, baýram günümizde surnaýlar çalyň.


Ýa Reb, bize sadyk söýgiňi görkez, Öz halas edişiňi bize peşgeş et.


Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.


Hudaý Musa ýene-de şulary aýtdy: «Ysraýyllaryň ýanyna seni ata-babalaryňyzyň Hudaýy bolan Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň iberendigini aýt. Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn.


Eý, Sodom baştutanlary, Rebbiň sözüni eşidiň! Eý, Gomora halky, Hudaýymyzyň kanunyna gulak goý!


Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».


Ýa Reb, Sen meni öldürmek üçin edilen bu dildüwşükleriň baryny bilýänsiň. Olaryň ýazygyny bagyşlama, günälerini nazaryňdan düşürme. Goý, olar huzuryňda ýykylsynlar, olara garşy gazabyňda hereket et.


Patyşalygyň ähli wezirleri, serdarlary, häkimleri, geňeşçileri we emirleri patyşanyň bir perman çykaryp, ony güýje girizmegi barada özara maslahatlaşdylar. Eý, patyşahym, kimde-kim otuz günüň dowamynda senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edip ýüz tutsa, ýolbarsly çukura taşlansyn.


Reb şeýle diýýär: «Eý, ysraýyl halky, sen Meniň üçin efiopiýa halky bilen deň dälmisiň? Ysraýyllary Müsürden, piliştleri Kaptordan, siriýalylary Kirden çykaran Men dälmi näme? Hökmürowan Rebbiň nazary siziň günäli şalygyňyzdadyr, Men-Reb ony ýer ýüzünden süpürip taşlaryn, emma Ýakubyň kowumyny bütinleý ýok etmerin». Muny Reb aýdýandyr.


Men Hudaý Öz wadasynda tapylmady diýemok. Sebäbi asly ysraýyl bolanlaryň bary hakyky ysraýyl däldir.


Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ