Şeýlelikde, siz ýokary mejlis bilen bilelikde müňbaşydan Pawlusy yzyna getirmegi haýyş ediň. Ol hakdaky maglumatlary doly öwrenmek isleýäris diýen boluň. Pawlus bu ýere gelip ýetmänkä, biz ony ýolda öldürmäge taýyn» diýdiler.
Ýonatan kakasy Şawulyň ýanynda Dawudy taryplap, şeýle diýdi: «Sen öz guluň Dawuda ýamanlyk etme, çünki sen ondan hiç bir ýamanlyk görmediň; gaýtam, sen ondan haýyr gördüň.