9 Goý, eräp giden balykgulak deý bolsun, aýalyň düşen çagasy deý güneş görmesin.
9 Гой, эрәп гиден балыкгулак дей болсун, аялың дүшен чагасы дей гүнеш гөрмесин.
Ýa Reb, meni synaýarsyň we tanaýarsyň!
Milletler arasyndaky başbozarlyk näme? Halklar nämä biderek pitne turuzýar?
Olar ýurdy eýelemediler gylyjy bilen, ýeňşi gazanmadylar gollary bilen – Seniň eliň, goluň, ýüzüňiň nury edendir muny; çünki Sen juda söýdüň olary.
Onuň öňünden ot-alaw ýöreýär, töwerekdäki duşmanlaryny ýandyrýar.
Hawa, Isa Mesih muny ýahudy dälleriň hem Hudaýy Onuň merhemeti üçin şöhratlandyrsynlar diýip etdi. Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Munuň üçin milletler arasynda Seni alkyşlaryn, men Seniň adyňa nagma aýdaryn».
Oýan, eý, Debora, oýan! Aýt, sen öz aýdymyňy aýt! Eý, Abynogam ogly Barak, galkyn! Öz duşmanlaryňy ýesir al!