3 Ýok! Siz kalbyňyzda adalatsyzlyk düzýäňiz, elleriňiz zorluk saçýar ýeriň ýüzüne.
3 Ёк! Сиз калбыңызда адалатсызлык дүзйәңиз, эллериңиз зорлук сачяр ериң йүзүне.
Çadyrymdakylar: „Eýýubyň beren etinden garnyny doýurmaýan barmy?“ diýen bolsalar,
Göklere galsam, ol ýerde Sen bar! Ölüler dünýäsine insem, ol ýerde Sen bar!
Emma Sen, ýa Reb, maňa merhemet eýle, meni dikelt, men olaryň almytyny bereýin.
Milletleri kowup Öz eliň bilen, Sen atalarymyza ýer berdiň. Halklary wes-weýran edip, Sen atalarymyzy ýaýratdyň.
Ol – ýeke-täk gaýam hem gutulyşym, meniň berkitmäm: yranmaryn men.
Ýa Reb, rahatlyk berjek Sensiň, ähli eden işlerimizi berjaý eden Sensiň.
Seret, halk şir dek oýanyp, arslan deý ýerinden turýar! Ol indi awuny iýip doýýança, öldürenleriniň ganyndan ganýança köşeşmez».
Çünki Mukaddes Kanun Musa arkaly berildi, merhemet we hakykat bolsa Isa Mesih arkaly peýda boldy.
Şol wagt Petrus özüne gelip: «Indi, hakykatdanam, Rebbiň Öz perişdesini ýollap, meni Hirodyň elinden we ýahudy halkynyň başymdan inderjek bela-beterlerinden halas edendigine anyk göz ýetirdim» diýdi.