Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Şawul Dawudy öldürmek üçin adamlary iberip, onuň öýüni garawulladanda, Dawudyň aýdan miktamy. «Heläk etme!» äheňinde aýdylýan.
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Äht liliýasy» äheňinde aýdylýan. Aram-Naharaýym, Aram-Soba bilen urşanda we Ýowap yzyna dolanyp gelýärkä, Duz deresinde on iki müň edomlyny öldüren wagty, Dawudyň öwüt bermek üçin aýdan miktamy.
Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz!
Men Rebbe ýüzlenip, şeýle dileg etdim: „Eý, Hökmürowan Reb, Öz saýlan aýratyn halkyňy ýok etme. Sen olary Öz beýikligiň bilen gulçulykdan azat edip, gudratly goluň bilen Müsürden çykaryp getirdiň.
Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.
Ol ýoluň ýakasyndaky dowar agyllaryna geldi. Şol ýerde bir gowak bardy. Şawul aýak ýoly üçin şol gowagyň içine girdi. Şol wagt Dawut adamlary bilen bile gowagyň töründe otyrdy.