«Yzyňa dolanyp bar-da, Meniň halkymyň hökümdary Hizkiýa atasy Dawudyň Hudaýy Rebbiň şeýle diýýändigini aýt: „Men seniň dilegiňi eşitdim, seniň gözýaşlaryňy gördüm. Men seni hökman sagaldaryn we üçünji güni sen Rebbiň öýüne bararsyň.
Ýa Reb, Sen meni öldürmek üçin edilen bu dildüwşükleriň baryny bilýänsiň. Olaryň ýazygyny bagyşlama, günälerini nazaryňdan düşürme. Goý, olar huzuryňda ýykylsynlar, olara garşy gazabyňda hereket et.
Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy.
Men elmydama ýolda bolmak bilen, derýalarda howp-hatarlara uçradym; garakçylardan, öz ilimden, başga milletlerden ýaňa howp astynda gezdim. Şäherde, çölde, deňizde, dogansumaklaryň arasynda howp-hatarlara uçradym.
Bu adamlaryň hemmesi iň soňky demine çenli Hudaýa iman edip ýaşadylar. Olar wada edilen ýurda gowuşmasalar-da, ol ýeri uzakdan görüp şatlandylar. Özleriniň ýer ýüzünde gelmişek hem ýatdyklaryny boýun aldylar.
Men tagtyň öňünde duran uludyr kiçi ölüleri gördüm. Kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby atly ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölülere eden işlerine görä kazylyk edildi.
Gaçyp başyny gutaran Dawut Ramada ýaşaýan Şamuweliň ýanyna gelip, Şawulyň özüne edenleriniň baryny oňa gürrüň berdi. Soňra Şamuwel bilen bile Naýot galasyna gidip, şol ýerde galdy.
Dawut öz ýanyndan şeýle diýdi: «Günlerde bir gün men Şawulyň elinden heläk bolaryn. Gowusy, men piliştlileriň ýurduna gaçaýyn. Şeýtsem, Şawul meni Ysraýylyň çäginden tapmak umydyny üzer; men onuň elinden halas bolaryn».