Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 56:1 - Mukaddes Kitap

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň Şawuldan gowaga gaçanda aýdan mezmury.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Айдымчылар топарының ёлбашчысына. «Хеләк этме» әхеңинде айдылян. Давудың Шавулдан говага гачанда айдан мезмуры.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 56:1
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz günäli ýollary we etmişleri zerarly, akylsyzlar jebir-jepalar çekdi.


Dogrularyň ýurdunda erbetler höküm sürmezler baky, ýogsa dogrularyň hem ýamanlyk etmegi ahmal.


Ogullarymyz ýaş çagynda, ösümlik deý pajarlap össün. Gyzlarymyz köşgüň haşamlanan sütünleri deý bolsun.


Dawudyň dogasy Ýa Reb, hakykaty eşit, perýadyma dykgat ber; hilesiz agyzdan çykýan dilegime gulak goý.


«Rebbe tabşyrypdy özüni; goý, Ol ony halas eýlesin, ony azat etsin, çünki Reb ondan köp razy!»


Saňa dat-perýat eden wagtymda, iň mukaddes otagyňa tarap ellerimi galdyranymda, ýalbaryşlarymyň sesini eşit.


Düşünjesiz at ýa gatyr dek bolma: agyzzyryk bilen uýan bolmasa bilmeýärler olar gitjek ýoluny».


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Şawul Dawudy öldürmek üçin adamlary iberip, onuň öýüni garawulladanda, Dawudyň aýdan miktamy. «Heläk etme!» äheňinde aýdylýan.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Äht liliýasy» äheňinde aýdylýan. Aram-Naharaýym, Aram-Soba bilen urşanda we Ýowap yzyna dolanyp gelýärkä, Duz deresinde on iki müň edomlyny öldüren wagty, Dawudyň öwüt bermek üçin aýdan miktamy.


Mowap – ýuwunmak üçin legenim, Edomyň üstüne zyňaryn Men çarygymy. Pilişt topragynda ýeňiş dabarasy bilen gygyraryn Men».


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.


Olary ölüler dünýäsi ýaly diriligine, gabra inenler deý tutuşlaýyn ýuwudalyň.


Ähli duşmanlaryň seni ýaňsylaýarlar, sykylyk atyp, dişlerini gyjaýarlar. Olar: «Biz ony ýuwutdyk! Ine, şudy biziň garaşýan günümiz. Ahyry muny-da gördük!» diýip gygyryşýarlar.


Taňry Ýakubyň ähli mekanyny weýran etdi hiç rehimdarlyk etmedi. Ýahuda gyzynyň galalaryny ýykdy gahar-gazaby ýatmady. Patyşalygyny hem hökümdarlaryny masgaralap, ýer bilen ýegsan etdi.


Taňry duşman ýaly bolup, Ysraýyly ýumurdy. Ähli köşklerini ýykyp, galalaryny weýran etdi. Ýahuda gyzynyň ýasdyr ahy-nalasyny has-da köpeltdi.


Ysraýyl ýuwudylandyr. Olar başga milletleriň arasynda dereksiz gap bolup galdy.


Şunlukda, çüýreýän ten çüýremezlige, ölýän ten ölmezlige beslenende, «Ýeňiş ölümi ýuwutdy» diýlen sözler berjaý bolar.


Piliştli baştutanlar onuň üstüne heňkirip, şeýle diýdiler: «Ony yza, öz bellenen ýerine ugrat. Ol biziň bilen bile söweşe gitmesin, ýogsa ol biziň garşymyza urşar. Sebäbi öz hojaýynyna gowy görünmek üçin, onuň şu adamlaryň kellesini kesmekden gowy tär tapjak gümany barmy näme?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ