Dawut Iýerusalimde özi bilen bile bolan ähli adamlaryna: «Hany, boluň, gaçalyň! Ýogsam, bize Abşalomdan gutulma ýokdur. Howlukmasak, ol yzymyzdan ýetip, bizi tutar, başymyza bela getirer we galadakylary gylyçdan geçirer» diýdi.
Dawut öz ýanyndan şeýle diýdi: «Günlerde bir gün men Şawulyň elinden heläk bolaryn. Gowusy, men piliştlileriň ýurduna gaçaýyn. Şeýtsem, Şawul meni Ysraýylyň çäginden tapmak umydyny üzer; men onuň elinden halas bolaryn».