5 Ýüregim ezýet çekýär içimde, ölüm howpy abandy meniň üstüme.
5 Йүрегим эзъет чекйәр ичимде, өлүм ховпы абанды мениң үстүме.
Reb meniň arymy alar; ýa Reb, Seniň söýgiň ebedi galar, Öz elleriňiň işini Sen terk eýleme.
Meniň ellerime uruşmagy, barmaklaryma söweşmegi öwredýän gaýam Rebbe alkyşlar bolsun!
Ogullarymyz ýaş çagynda, ösümlik deý pajarlap össün. Gyzlarymyz köşgüň haşamlanan sütünleri deý bolsun.
Men bolsa egsilmez sadyk söýgiň arkaly, girerin Seniň öýüňe; men Senden heder ederin, mukaddes ybadathanaňa tarap tagzym ederin.
Demir ussasy Isgender maňa ýamanlyk baryny etdi. Reb oňa edenlerine görä jezasyny berer.
Ol size näme eden bolsa, siz hem oňa şony ediň. Onuň edenlerini iki esse edip gaýtaryň! Oňa iki esse güýçli garylan şerapdan içiriň!