Olar Rebbi alkyşlap, Oňa şükür edip: «Reb ýagşy, Onuň Ysraýyla bolan söýgüsi baky» diýip, nagma aýtdylar. Rebbi alkyşlanlarynda, bütin halk uly şowhun etdi, sebäbi Rebbiň öýüniň düýbi tutulypdy.
Şol gün olar köp gurbanlyklar berip şatlandylar. Çünki Hudaý olara uly şatlyk eçilipdi. Aýallardyr çagalar-da şatlanyşyp, Iýerusalimiň şowhuny alyslardan eşidildi.
Reb şeýle diýýär: «Ýakubyň çadyrlarynyň abadançylygyny dikelderin, onuň ýaşaýan mesgenlerine rehim ederin. Şäher öz depelerinde bina ediler, berk gala öz ýerinde oturdylar.
Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olara öňki abadançylygyny gaýtaryp berenimde, olar Ýahuda ýurdunda we onuň şäherlerinde ýene-de şu sözleri aýdarlar: „Reb seni ýalkasyn, eý, dogrulyk mekany, eý, mukaddes dag!“
Men sizden ýüz öwrerin, duşmanlaryňyz sizden üstün çykarlar, ýagylaryňyz üstüňizden höküm sürerler. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, dowla düşüp gaçarsyňyz.
Duşmanlaryňyzyň ýurtlarynda diri galanlaryňyzyň ýüreklerine Men şeýle bir gorky salaryn welin, hatda ýapragyň şemala şygyrdaýan sesi-de sizi gaçmaga mejbur eder. Siz gylyçdan gaçýan ýaly gaçarsyňyz. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, bar ýaly bolup gaçarsyňyz.