Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 52:2 - Mukaddes Kitap

2 Akmaklar ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýärler. Olar azýarlar we ýigrenji işleri edýärler; ýagşylyk edýän ýok.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Акмаклар йүрегинде: «Худай ёк» диййәрлер. Олар азярлар ве йигренҗи ишлери эдйәрлер; ягшылык эдйән ёк.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 52:2
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Siondan uzadar şalyk hasaňy, duşmanlaryňa ýöret sen öz hökümiňi.


Ýardam geler ýeri, gögi ýaradan Rebden.


Synyk ruh – Hudaýyň göwnünden turýan gurbanlyk; eý, Hudaý, synyk, ökünçli ruhy Sen kemsitmersiň.


Erbetler ene ýatgysyndan bäri dogry ýoldan azaşandyrlar, dünýä inenleri bäri ýalan sözläp, ýalňyşýandyrlar.


Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly, goluň bilen halas et, bize jogap ber.


Oýlanman gepleýän dil gylyç ýaly sanjylýandyr, akyldaryň dili bolsa şypa berýändir.


Ölümem, ýaşaýyşam diliň ygtyýarynda, dili söýýän hasylyndan iýer.


Şeýle adamlar bar, ýer ýüzünden garyplary, adamlar arasyndaky mätäçleri symyşlamak üçin dişleri gylyç, azylary pyçakdyr.


Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.


Ýolbaşçy ruhanylar we tutuş mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy galp subutnamalar agtardylar.


Bäş günden soň baş ruhany Hanany birnäçe ýaşulular we Tertul atly garalawjy bilen Kaýsariýa geldi. Olar Pawlusa garşy şikaýatlaryny häkime ýetirmekçidiler


Biz bu adamyň dünýädäki ähli ýahudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan bir pitneçidigine göz ýetirdik we ol Nasyra toparynyň baştutany.


Şeýle adamlar galp resullardyr. Olar Mesihiň resullarynyň keşbine girýän kezzap işgärlerdir.


Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys.


Mundan soň gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Ine, Hudaýymyzyň halas etjek pursady geldi! Onuň gudraty we şalygy amala aşdy. Onuň Saýlanynyň hökmürowanlygy berkarar boldy. Hudaýymyzyň huzurynda doganlarymyzy gije-gündiz aýyplaýan, olara töhmet atýan şeýtan aşak zyňyldy.


Şol wagty Şawulyň nökerleriniň gapdalynda duran edomly Döweg: «Ýyşaýyň oglunyň Nop galasyndaky Ahytubyň ogly Ahymelegiň ýanyna gelenini gördüm.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ