«Saňa ýalbarýaryn, eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla». Hizkiýa zar-zar aglady.
Seniň kalby synaýandygyňy we kalby päkligi halaýandygyňy men bilýärin, eý, Hudaýym! Şu zatlaryň hemmesini men öz päk kalbym bilen meýletin berdim. Häzir men Seniň şu ýere ýygnanan halkyňyň meýletinlik hem şatlyk bilen sadaka berýändigini görýärin.
Men ýörärdim jemagat bilen, baýram edýän halky äkiderdim Hudaý öýüne; olar şatlanyp, nagma aýdardy. Şu zatlary ýatlan wagtymda küýsemeden para-para bolýar ýüregim.
Ýa Reb, Seniň bilen dawalaşsam, Sen hemişe hakly çykýarsyň. Emma ýene-de adalat barada Seniň bilen gürleşmek isleýärin. Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar? Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar?
Reb şuny aýdýandyr: «Ine, ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar.
Ýa Reb, Seniň nazaryň hakykata dikilen dälmidir? Olary urduň, emma olar agyry duýmadylar. Olary heläk etdiň, emma olar ýüz öwürdiler dogry ýoldan. Olar ýüzlerini gaýadan-da gataldyp, yzlaryna dolanmak islemediler.
Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.
Emma Reb Şamuwele: «Onuň daş keşbine ýa-da uzyn boýuna garama, çünki Men ony ret etdim. Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýdi.