Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 51:11 - Mukaddes Kitap

11 Edenleriň üçin Saňa baky şükür ederin; Saňa sadyk bolanlaryň jemagatynda Seniň ýagşy adyňa umyt baglaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Эденлериң үчин Саңа бакы шүкүр эдерин; Саңа садык боланларың җемагатында Сениң ягшы адыңа умыт багларын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 51:11
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, bu gün Sen meni mes toprakly ýerden kowduň. Men Seniň huzuryňdan gizlenip, ýer ýüzünde gaçgak we sergezdan bolaryn. Maňa duşan, meni öldürer» diýdi.


Şol sebäpli Reb: «Men adamzady ebedilik ýaşatmaryn, çünki olar tendir; onuň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar» diýdi.


Ýöne Şawuly mahrum edişim ýaly, ony Öz sadyk söýgimden mahrum etmerin.


Emma Reb Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähti üçin ysraýyllara merhemet edip, rehim-şepagat görkezdi we olary goldady. Reb olary heläk etmek islemedi. Şu wagta çenli hem olary Öz huzuryndan kowmady.


Reb şeýle diýdi: «Men Ysraýyly huzurymdan ýok edişim ýaly, Ýahudany-da huzurymdan ýok ederin. Men saýlan şäherim Iýerusalimi we „Maňa şu ýerde ybadat ediler“ diýen öýümi-de terk ederin».


Rebbiň Iýerusalime we Ýahuda halklaryna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy. Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.


Eý, Hudaý, gulagymyz bilen eşitdik; atalarymyzyň döwründe, gadym eýýamda olar bize Seniň edenleriň barada gürrüň berdiler.


Ysraýyl Hudaýyna, Rebbe alkyşlar bolsun! Gudratlary diňe Ol edýär.


Çölde ýaşaýanlar oňa baş egsin, duşmanlary, goý, toprak ýalasyn.


Ähli garyndaşlaryňyzy, tutuş efraýym nesillerini kowşum ýaly, sizi hem huzurymdan kowaryn“.


Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere Mukaddes Ruhy has-da köp bermezmi?»


Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar.


Hudaý Rebbimiz Isa Mesihi ölümden direldip, Ony Mukaddes Ruhdan doldurdy. Şeýdip, Onuň Hudaýyň gudratly Ogludygy tassyklandy.


Eger Hudaýyň Ruhy dogrudan-da kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, siz ynsan höwesleriniň ygtyýarynda dälsiňiz, siz Mukaddes Ruhuň ygtyýaryndasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy bolmasa, ol Mesihe degişli däldir.


Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Çünki Mukaddes Ruh siziň Hudaýa degişlidigiňiziň hem-de gutulyş güni azat edilmegiňiziň kepilnamasydyr.


Olar Rebbiň huzuryndan we Onuň gudratynyň şöhratyndan mahrum edilip, baky heläkçilik jezasyny çekerler.


Sorga bilen Eştawolyň aralygyndaky Mahanadanda bolanda Şimşony Rebbiň Ruhy galkyndyryp başlady.


Olar Lehä ýetenlerinde, piliştliler ony uly gykylyk bilen garşyladylar. Şonda Rebbiň Ruhy güýç bilen Şimşona inip, oňa ägirt uly güýç berdi welin, onuň ellerini daňmak üçin ulanylan tanaplar edil otda ýanan zygyr ýaly boldy. Onuň ellerindäki tanaplar çözülip gitdi.


Delila: «Seniň üstüňe piliştliler gelýärler, Şimşon!» diýende, ol oýanyp, öňki gezekdäki ýaly öz-özüni boşatmakçy boldy. Emma ol Rebbiň indi özünden ýüz öwrendigini bilmeýärdi.


Gibga galasyna gelenlerinde, olar topar tutup gelýän pygamberlere duşdular. Şonda Hudaýyň Ruhy Şawulyň kalbyny eýeledi. Ol pygamberler bilen bile joşup, pygamberlik etmäge başlady.


Rebbiň Ruhy Şawuldan aýryldy. Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah ony gorkuzýardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ