Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 50:3 - Mukaddes Kitap

3 Eý, Hudaý, maňa rehim-şepagat eýle, Öz sadyk söýgiňiň hatyrasyna; Öz merhemetiňiň köplügine görä, Sen öçür meniň etmişlerimi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Эй, Худай, маңа рехим-шепагат эйле, Өз садык сөйгиңиң хатырасына; Өз мерхеметиңиң көплүгине гөрә, Сен өчүр мениң этмишлерими.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 50:3
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olaryň ýoly şular ýalydyr, akmaklyk-da olaryňkydyr. Emma muňa garamazdan, indiki nesil olaryň magtanmasyny makullaýandyr. Sela


Şonda dogrulyk gurbanlyklary, ýakma gurbanlyklary, tutuş ýakma gurbanlyklary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler.


Sen bilýärsiň men babatda aýdylýan ýaman gepleri, meniň utanjymy, betnamlygymy. Sen bilýärsiň ähli duşmanlarymy.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Koranyň nesilleriniň mezmury.


Reb aşak ot içinde düşeni üçin, Sinaý dagyny tüsse gaplady. Tüsse ojakdan çykýan ýalydy we tutuş dag güýçli sarsýardy.


Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň.


Men demirgazykdan tupanly şemalyň gelýänini gördüm. Şöhleli, üznüksiz ot saçýan äpet bulut gelýärdi, oduň ortasynda ýakuda meňzeş bir zat ýalpyldaýardy.


Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy.


Rebbiň huzuryndan duýdansyz ot gelip, Harunyň ogullaryny ýakyp kül etdi we olar Rebbiň huzurynda şol bada jan berdiler.


Onuň öňünden gyrgyn keseli, yzyndan ölüm gitdi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.


Onsoň Rebden bir ot çykyp, ýakymly ysly tütetgi hödür eden iki ýüz elli kişini ýakyp ýok etdi.


Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýyny ammara üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar».


Bu gün muny bilip goýuň: ýakyp ýok edýän ot kimin Hudaýyňyz Rebbiň Özi siziň öňüňizden geçer. Rebbiň Özi olary gyryp, size boýun egdirer. Şonda Rebbiň söz berşi ýaly, siz olary kowup çykaryp, derrew ýok edersiňiz.


Indi biz şundan soň halas bolmagyň bu ajaýyp ýoluny inkär etsek, onda heý-de jezadan halas bolup bilerismi? Halas bolmagyň bu ýoluny owal-başda Reb yglan etdi we muny Isa Mesihiň hut Özünden eşidenler tassykladylar.


Bu wakalaryň Şaýady: «Hawa, Men tiz bararyn!» diýýär. Omyn! Ýa Rebbimiz Isa, gel!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ