Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 5:10 - Mukaddes Kitap

10 Olaryň agzynda dogry söz ýokdur, olaryň ýüregi weýrançylykdyr, olaryň bogazy açyk gabyrdyr, dilleri bilen-de ýallaklaýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Оларың агзында догры сөз ёкдур, оларың йүреги вейранчылыкдыр, оларың богазы ачык габырдыр, диллери билен-де яллаклаяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 5:10
41 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Ahytopel Abşalomyň ýanynda – dildüwşüge gatnaşanlaryň arasynda» diýip, Dawuda habar berdiler. Dawut: «Ýa Reb, Ahytopeliň maslahatlaryny puja çykarmagyňy dileýärin» diýdi.


Abşalom bilen ähli ysraýyllar: «Ark urugyndan bolan Huşaýyň maslahaty Ahytopeliň maslahatyndan gowy» diýdiler. Sebäbi Reb Abşalomy heläkçilige duçar etmek üçin, Ahytopeliň oňat maslahatyny puja çykarmak kararyna gelipdi.


Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.


Pygamber sözleýärkä, patyşa oňa: «Biz seni patyşa maslahatçy edip belledikmi? Bes et! Ýogsam öldürilersiň» diýdi. Pygamber: «Seniň şeýle edip, meniň maslahatyma gulak goýmandygyň üçin, Hudaýyň seni öldürmegi karar edendigini men bilýärin» diýip, sözüni bes etdi.


Şeýdip, olar Hamanyň Mordekaý üçin taýýarlan dar agajyndan onuň özüni asdylar. Şondan soň patyşanyň gahary ýatyşdy.


Berk gala kim meni elter? Meni Edoma kim alyp gider?


Huzurynyň ýalkymyndan ýaňa köreýän közlerdir doly böwsüp geçdi Onuň gara bulutlaryny.


Toprak öz hasylyny eçildi; Hudaý, biziň Hudaýymyz bize bereket bersin.


Onuň ejizlere, mätäçlere rehimi inýär, ol mätäçleriň janyny aman galdyrýar.


Ol deňze çenli uzatdy şahalaryny, derýa çenli – öz pudaklaryny.


Eý, gök, eşit, eý, ýer, gulak goý! Reb şeýle diýýär: «Men çagalary ekledim, ulaltdym, emma olar garşyma baş göterdiler.


Boýun gaçyryp, baş göteräýseňiz welin, sizi gylyç ýalmar». Muny Reb aýdýandyr.


Emma olar pitne turzup, Onuň Mukaddes Ruhuny ynjatdylar; Reb-de olara duşman bolup, garşylaryna söweşdi.


Ýagylary hökümdar bolýar, duşmanlary rowaçlanýar. Ýazygynyň agyrdygy üçin Reb bu hasraty çekdirdi Siona. Duşmanynyň öňüne salnyp, çagalary sürgün edildi onuň.


Seniň buýruklaryňdan we hökümleriňden ýüz öwrüp, günä gazandyk, azgynlyk etdik, erbetlik edip, Seniň garşyňa baş galdyrdyk.


Rehimdarlyk we geçirimlilik Taňry Hudaýymyza mahsusdyr, çünki biz Onuň garşysyna baş galdyrdyk.


Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.


Çünki bu dünýäniň danalygy Hudaýyň nazarynda akmaklykdyr. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý akyllysyraýany öz hilesinde tutýar» diýip ýazylgydyr.


Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi.


Eger kimdir biri agamy yzarlasa ýa-da janyna kast etse, onda janyňy Hudaýyňyz Rebbiň aman saklasyn, duşmanlaryňy bolsa sapandan daş atan kimin edip öldürsin.


Nabalyň ölendigini eşidende, Dawut şeýle diýdi: «Meni kemsideni üçin, Nabaly günäkär saýan we Öz guluny ýaman işden saklan Rebbe alkyş bolsun! Reb Nabalyň ýaman niýetini onuň öz başyndan inderdi». Dawut Abygaýyla öýlenmek üçin oňa sawçy iberdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ