Saňa ezýet berenleriň nesilleri gelip, tagzym ederler saňa, seni kemsidenleriň ählisi aýagyňa ýykylarlar; saňa Rebbiň şäheri, Ysraýylyň Mukaddesiniň Siony diýer olar.
Sizi çagalarymyň arasynda ornaşdyryp, size gözel ýurdy – ähli milletleriň iň ajaýyp mirasyny bermekçidim. Siz Meni Atam diýip çagyrarsyňyz, Menden ýüz öwürmersiňiz öýtdüm.
Ähli ötegçiler saňa el çarpýarlar. Iýerusalim gyzyna sykylyk atyp: «Bütin dünýäň şatlygy, gözellik görki diýilýän şäher şumy?» diýşip, başlaryny ýaýkaýarlar.
Hawa, şol gün Men olary Müsür ýurdundan çykaryp, olar üçin gözlän ýurduma, ähli ýurtlardan gözel bolan süýt we bal akýan ýurda getirjekdigime söz berdim.
Demirgazyk patyşasy özüne garşy çykana islän zadyny eder, hiç kim onuň öňünde durup bilmez. Ol owadan ýurtda özüni berkarar eder we weýran ediş ygtyýaryna eýe bolar.
Sürüsindäki goçy sadaka aýdyp, soňra onuň ýerine Taňra maýyp-müjribi gurbanlyk berýän kezzaba nälet bolsun! Çünki Men beýik Patyşadyryn, Hökmürowan Reb diýýär. Milletler Meniň adymdan gorkýarlar».