7 Şol ýerde sandyrama tutdy olary, dogurýan aýalyň burgusy ýaly.
7 Шол ерде сандырама тутды олары, догурян аялың бургусы ялы.
Maňa gurlan tordan Sen meni çykar, çünki Sen meniň penamsyň.
Reb beýikdir, Hudaýymyzyň şäherinde, Onuň mukaddes dagynda Ol aşa şöhratlandyrylmaga mynasypdyr.
Gündogar ýeliň Tarşyş gämilerini çym-pytrak edişi ýaly, Sen derbi-dagyn etdiň olary.
Reb tutuş ýer ýüzüniň Şasy bolar. Şol gün Reb ýeke-täk Reb bolar we Onuň ady ýeke-täk at bolar.
Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň.
Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.